TDG-nyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Türkmenistanda duşuşyklary geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDG-nyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Türkmenistanda duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň döwletimiziň daşary syýasy doktrinasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Ýurdumyzyň Baştutany bilen duşuşykda, Binali Ýyldyrym Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Baştutanyny 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi we wezipä girişmegi bilen gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin iri sebit guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, türk kärdeşine iň gowy arzuwlaryny aýtdy we doganlyk türki dilli ýurtlar, şol sanda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň döwletimiziň daşary syýasy doktrinasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň däp bolan dostlukly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini hem-de Türkiýä hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş, sebit we halkara syýasatynyň köp, möhüm meselelerini çözmekde pikirdeş hökmünde garaýandygyny nygtap, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym birek-biregi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyň barşynda türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu guramanyň alyp barýan işlerine, şol sanda Ýaşulular geňeşine işjeň we netijeli gatnaşmagyny möhüm ugur hökmünde kesgitländigini belledi.

Şeýle hem duşuşykda ýurdumyzyň türki dilli ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmäge we bu babatda hereket edýän degişli düzümleriň işine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Türkmenistan geçen ýylyň noýabr aýynda Türki döwletleriň guramasyna synçy döwlet hökmünde goşuldy.

2022