Türkmenistan GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýubileý mejlisine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň ýubileý mejlisine gatnaşar
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň noýabr aýynyň 27-ne sanly ulgam arkaly geçirilen 51-nji plenar mejlisi

Türkmenistanyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda Gazagystanyň Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň dabaraly mejlisine gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezindenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň mejlise gatnaşmagy hakynda degişli Buýruga gol çekdi.

Wekiliýete Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa ýolbaşçylyk eder.

Dabaraly mejlis GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu saparyň dowamynda geçiriljek gepleşikler we olaryň netijeleri dürli ýurtlaryň parlamentleriniň wekilleriniň arasynda netijeli iş gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga ýardam eder.

1992-nji ýylda döredilen GDA-nyň Parlamentara Assambleýasy GDA-nyň konsultatiw parlamentara edarasy hökmünde çykyş edip, parlamentara hyzmatdaşlyk meselelerine seretmek maksady bilen döredildi.

2022