Gazagystan 2024-nji ýylda tebigy gazyň eksportyny bes edip biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan 2024-nji ýylda tebigy gazyň eksportyny bes edip biler
Şunuň bilen birlikde, Gazagystanyň Gazagystanyň ýurduň gaza bolan islegini kanagatlandyrmak üçin Russiýadan ýa-da Türkmenistandan tebigy gazyň import edilmeginiň mümkindigini aýtdy.

Gazagystanda tebigy gazyň sarp ediliş depgini ýokarydyr diýip, ýurduň Energetika ministri Bolat Akçulakow anna güni Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Merkezi kommunikasiýalar gullugynda geçirilen brifingde aýtdy. Bu barada “Kapital.kz” agentligi habar berýär.

“Bu bolsa 2024-nji ýylda Gazagystanyň gaz eksportynyň bes edilmegine getirip biler. Sebäbi biz bu gazy ýurduň içinde ulanarys” diýip, ministr belledi.

Şunuň bilen birlikde, Bolat Akçulakow ýurduň gaza bolan islegini kanagatlandyrmak üçin Russiýadan ýa-da Türkmenistandan tebigy gazyň import edilmeginiň mümkindigini aýtdy.

“Emma Türkmenistan demirgazykdan uzakda ýerleşýär. Demirgazyga Russiýa golaýdyr” diýip, Bolat Akçulakow şol sebäpli başlangyç tapgyrda tebigy gazyň Russiýadan alnyp bilinjekdigini aýtdy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Gazagystana tebigy gazy eksport edip başlamaga taýýardygyny mälim etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022