Türkmenistanyň wekiliýeti ESCAP-yň forumyna gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň wekiliýeti ESCAP-yň forumyna gatnaşýar
ESCAP-yň baş edara binasy. Bangkok şäheri, Tailand. (Surat: IISD)

Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aziýanyň we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESCAP) tarapyndan gurnalan Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Durnukly ösüş boýunça 9-njy Forumyna sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşýar. 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň metbugat beýanatynda habar berşi ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we beýleki degişli döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Bu forumyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi we Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça alnyp barylýan işler hem-de UNESCAP-yň Durnukly ösüş ugrunda sebitleýin işleri, şeýle hem gazanan üstünlikleri bilen tanyşmakdan, tejribe alyşmakdan hem-de COVID-19 pandemiýasynyň ýaramaz täsirlerini we COVID-19 pandemiýasyndan soňky dikeldiş meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar. 

Forumyň barşynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Muhammetgeldi Serdarow hem çykyş edip, ýurdumyzda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ornaşdyrylmagy babatda alnyp barylýan işler barada aýdyp geçdi. Global pandemiýanyň ýüze çykan pursatyndan başlap, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan pandemiýanyň ykdysadyýetiň önümçilik sektorlaryna degişli täsirini ýeňilleşdirmek, iş ýerlerini saklap galmak we döwletimiziň raýatlaryny goramak boýunça işjeň çäreleriň görülýändigi barada gürrüň berdi. 

Forum öz işine duşenbe güni başlady we 31-nji marta çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022