Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň mejlisine gatnaşdy
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Geňeşiň agzalaryna gutlaglaryny ýetirdi.

Sişenbe güni Gazagystanyň Almaty şäherinde GDA-nyň Parlament wekiliýetleriniň baştutanlary guramanyň 30-ýyllygy mynasybetli Parlamentara assambleýasynyň dabaraly mejlisine gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda birnäçe meselelere seredilip, geçen ýyllaryň dowamynda ýerine ýetirilen işlere ýokary baha berildi.

Assambleýanyň resmi internet sahypasynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa öz çykyşynda şu dabaraly mejlise ýurduň wekiliýetiniň gatnaşmagynyň Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmek hem-de dürli ýurtlaryň parlamentleriniň wekilleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilik bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Geňeşiň agzalaryna gutlaglaryny ýetirdi.

GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko öz çykyşynda Assambleýanyň GDA-nyň binýatlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we häzirki günde bu diňe bir parlamentleriň arasyndaky gepleşik üçin meýdança bolman, eýsem kanunçykaryjylyk, saýlawlaryň gözegçiligi we beýleki ugurlarda hereket edýän işjeň edara bolup durýandygyny nygtady.

Walentina Matwiýenko Assambleýanyň işiniň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine, onuň abraýynyň halkara parlament jemgyýetinde artdyryljakdygyna we GDA-nyň ýurtlarynyň gülläp ösmegi üçin netijeli hereket etjekdigine ynam bildirdi.

Mejlisiň ahyrynda wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna GDA-nyň Parlamentara assambleýasynyň 30-ýyllygy mynasybetli medallary gowşurmak dabarasy geçirildi.

2022