Türkmenistanyň baş diplomaty hytaýly we eýranly kärdeşleri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň baş diplomaty hytaýly we eýranly kärdeşleri bilen duşuşdy
Duşuşyklar Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň çäklerinde Hytaýyň Tunsi şäherinde geçirildi. (Surat: Eýranyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I, hem-de Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysy Hosseýn Amir Abdulahýan bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyklar Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygynyň çäklerinde Hytaýyň Tunsi şäherinde geçirildi.  

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi bilen bagly meselelere seretdiler. Bu ylalaşyklar 2021-2022-nji ýyllarda ýokary döwlet derejesinde geçirilen duşuşyklaryň  dowamynda gazanyldy. 

Bellenilişi ýaly, bu duşuşyk strategiki häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý dostlukly gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy boýunça pikir alyşmak üçin gowy mümkinçilik boldy. Ministrler Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça döwletara komitetiniň netijeli mehanizmdigini nygtadylar. Bu komitet esasy dört ugur boýunça hereket edýär: söwda, energetika, howpsuzlyk we medeniýet.  

Şeýle hem, Türkmenistan bilen Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerindäki netijeli gatnaşyklaryny nygtadylar. Bulardan başga-da, “Merkezi Aziýa - Hytaý” sammitiň netijeliligi aýratyn bellenildi.  

Raşid Meredow bilen Eýranyň DIM-niň ýolbaşçysynyň geçiren duşuşygynyň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de onuň mundan beýläk hem ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar.  

Hususan-da, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny ösdürmek mümkinçiliklerine, energetika ulgamyndaky gatnaşyklary, ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek mümkinçiliklerine seredildi.  Geçen ýylyň awgust aýynda bolup geçen syýasy üýtgeşmelerden soň, Hytaýda geçiriljek bu maslahat Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň üçünji duşuşygy bolar. 

Yslamabat şunuň ýaly ilkinji duşuşygy geçen ýylyň sentýabr aýynda öz başlangyjy bilen geçirdi. Geçen ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda bolsa, Tähranda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň ikinji ýygnagy geçirildi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022