Hytaýyň hökümeti Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ilerletmäge çagyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaýyň hökümeti Türkmenistan bilen energiýa hyzmatdaşlygyny ilerletmäge çagyrýar
Hytaý Halk Respublikasynyň wise-premýeri Han Çžen (Surat: "Singua")

Hytaý Halk Respublikasynyň wise-premýeri Han Çžen çarşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda aýratyn pudaklarda, şol sanda tebigy gaz, howpsuzlyk we halklaryň arasyndaky gatnaşyklar ugrunda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine çagyrdy.

Duşuşyk Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygyna gatnaşmak üçin Hytaýa saparynyň çäklerinde geçirildi.

Wise-premýer Han Çžen Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara bähbitlidigini we hormata hem-de ynanyşmaga esaslanýandygyny belledi. Şeýle hem, iki ýurduň liderleriniň hytaý-türkmen gatnaşyklaryna aýratyn üns bermegi hyzmatdaşlygyň depginli ösmegine ýardam berýändigini, aýratyn pudaklarda bolsa ýokary görkezijileriň gazanylandygyny nygtady. Bu barada Hytaýyň “Sinhua” döwlet habarlar gullugy habar berdi.

Wise-premýer Han Çženiň aýtmagyna görä, Hytaý türkmen tarapy bilen ählitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin işleşmäge taýyndyr.

Şeýle hem wise-premýer Hytaý bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynda tebigy gazy esasy ugur hökmünde kesgitlemegi teklip etdi. Bu şertiň tebigy gaz boýunça hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejelere ýetmegine ýardam berjekdigi nygtaldy. Wise-premýer şeýle hem oba hojalyk, ulag, maliýe we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine çagyrdy.

Mundan başga-da, Han Çžen Hytaý Türkmenistan bilen COVID-19 pandemiýasyna garşy tagallalary, şol sanda sanjymlar ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmäge taýyndygyny belledi.

Wise-premýer Meredow öz gezeginde Türkmenistanyň türkmen-hytaý strategiki hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, türkmen tarapynyň Hytaý bilen ýakyn gatnaşyklary saklamaga hem-de hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýyndygyny mälim etdi.

2022