Owganystanyň DIM-i: TOPH-yň durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalar ediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanyň DIM-i: TOPH-yň durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalar ediler
Duşuşygyň dowamynda esasan TOPH gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalary hem-de ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar barada pikir alşyldy.

Owganystanyň Daşary işler ministri Amir Han Muttaki çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygynyň dowamynda Owganystanyň DIM-niň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan bilen bilelikde amala aşyrylýan beýleki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur bolan tagallalary etjekdigini aýtdy.

Gepleşikler Hytaýyň Tunsi şäherinde geçýän Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.

Owganystanyň Dag-magdan we nebit senagaty ministri Şeýh Şahabuddin Delawar we Ykdysadyýet ministri Kari Din Mohammad Hanif hem duşuşyga gatnaşdylar. Bu barada Owganystanyň “Bakhtar” döwlet agentligi habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda esasan TOPH gazgeçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalary hem-de ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklar barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy TOPH taslamasy boýunça işlerinden daşary, Owganystanyň çäginden geçýän demirýol taslamalaryna we beýleki desgalaryň gurulmagyna taýýarlyk görülýändigini mälim etdi.

Owganystanyň Dag-magdan we nebit senagaty ministri Şeýh Şahabuddin Delawar TOPH taslamasynyň wajyplygyny belläp, onuň amala aşyrylmagy bilen bagly meseleleriň çözülmegine çagyrdy.

Owganystanyň Ykdysadyýet ministri Kari Din Mohammad Hanif öz gezeginde Owganystanyň goňşy ýurtlary we sebitdäki ýurtlar bilen ykdysady taslamalar boýunça we ikitaraplaýyn söwdany ösdürmek ugrunda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygynyň çäklerinde Raşid Meredow hytaýly we eýranly kärdeşleri bilen hem duşuşyklary geçirdi.

 

 

2022