Aprel I hepde: eksport geleşikleri $26,7 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aprel I hepde: eksport geleşikleri $26,7 milliondan geçdi
Türkiýäniň telekeçileri bahasy 11 million 605 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 26 million 722 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Owganystanyň, Maltanyň, Özbegistanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, arassalanmadyk parafini, suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Türkiýäniň, Owganystanyň hem-de Gonkongyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen piroliz benzinini we piroliz galyndysyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 26 million 722 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň telekeçileri manat serişdelerine bahasy 11 million 605 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügini satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 25 million manatdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gaplama plýonkasyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022