“Degreplast” plastik önümleriniň Azerbaýjana eksporty boýunça gepleşikleri geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Degreplast” plastik önümleriniň Azerbaýjana eksporty boýunça gepleşikleri geçirýär
Kärhana aýda 300 tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän “Degreplast” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň işewürleri arasynda eksport amallary boýunça geleşikler geçirilýär. Bu barada “Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berdi.

“Degreplast” kärhanasynda polipropilen we polietilen torbalarynyň we örtgüleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Önümçilik bölümleri Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen ornaşdyrylandyr. Kärhana aýda 300 tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.

Bu ýerde dokma önümçiliginde taýýar egin-eşikleri, gurluşyk serişdelerini, oba hojalyk önümlerini gaplamakda peýdalanylýan polipropilen we polietilen örtgüleriň dürli reňkdäki, ölçegdäki, galyňlykdaky görnüşleri hem öndürilýär.

Kärhanada öndürilýän «Degreplast» haryt nyşanly polipropilen we polietilen torbalar, örtgüler Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna eksport edilýär.

“Degreplast” hojalyk jemgyýeti önümçiligi 2017-nji ýylda ýola goýdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022