Türkmenistanyň gümrükçileri we UNESCAP kagyzsyz söwda amallaryny maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň gümrükçileri we UNESCAP kagyzsyz söwda amallaryny maslahatlaşdylar
Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanda “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde çykyş etmek bilen, ýurdumyzda serhetüsti kagyzsyz söwda ulgamyny döretmek boýunça işleri durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) kagyzsyz söwda ýardam bermek boýunça milli bilermeni Şageldi Soltanmämmedow bilen duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar serhetüsti kagyzsyz söwda ulgamyndaky tejribeleriň ornaşdyrylmagy babatda Türkmenistanyň gümrük edaralarynda alnyp barylýan işlere baha berdiler. Bu barada gullugyň resmi sahypasynda çap edilen metbugat beýanatynda habar berildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginde gümrük edaralaryna ornaşdyrylan “ASYCUDA World” maglumat ulgamy gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmakda we elektron gurallary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýetli boldy.

Häzirki wagtda Döwlet gümrük gullugy elektron resminama dolanyşygyna geçmekde dünýä tejribesinde giňden ulanylýan “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde çykyş etmek bilen, ýurdumyzda serhetüsti kagyzsyz söwda ulgamyny döretmek boýunça işleri durmuşa geçirýär. Bu taslamanyň 2023-nji ýyla çenli doly durmuşa geçirilmegine garaşylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022