Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen baglanyşykly maslahat geçirdi.
Ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň aglabasy öňki iş wezipelerinde galdyryldy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlyklary täzelendi.
Maslahatyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Toýly Mälikowy ýurdumyzyň Merkezi bankynyň başlygy, şeýle hem Halkara Pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Döwletgeldi Amanmuhammedow Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bellenilip, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Hormatly Prezidentimiz Guwanç Agajanowy “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine belläp, ony bu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahaty jemläp, wezipä bellenen ýolbaşçylary ýene bir gezek gutlady hem-de olara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, berkarar Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz mart aýynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryny wezipä belledi.
Ministrler Kabinetiniň düzümi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň dokuz orunbasaryndan, on ýedi ministrden we ýigrimi sany pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň ýolbaşçysyndan ybaratdyr.