Türkmenistanyň we Gruziýanyň gümrükçileri “Bir penjire” ulgamy boýunça tejribe alyşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Gruziýanyň gümrükçileri “Bir penjire” ulgamy boýunça tejribe alyşdylar
Duşuşygyň barşynda “Bir penjire” ulgamynyň işi, bu ulgam arkaly gümrük taýdan resmileşdirmek işleriniň gurnalyşy we hödürlenilýän hyzmatlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri sişenbe güni gruziýaly kärdeşleri bilen "Bir penjire" ulgamyny ornaşdyrmakda tejribe alyşmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi sahypasynda habar berlişi ýaly, türkmen tarapynyň “Bir penjire” ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Gruziýa döwletiniň tejribesine bolan gyzyklanmasy, bu döwletiň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda gazanan netijeleri hem-de “Bir penjire” ulgamyny üstünlikli durmuşa geçiren ýurtlaryň hatarynda ilkinji orunlary eýeleýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Duşuşygyň barşynda “Bir penjire” ulgamynyň işi, bu ulgam arkaly gümrük taýdan resmileşdirmek işleriniň gurnalyşy we hödürlenilýän hyzmatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Gruziýaly kärdeşler bu ugurda gazanan tejribesi we netijeleri bilen tanyşdyrdylar.

Iş duşuşygynyň ahyrynda taraplar özara tejribe alyşmagyň ähmiýetini belläp, şeýle duşuşyklaryň geljekde yzygiderli geçirilmeginiň wajyplygyny nygtadylar we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” taslamasynyň utgaşdyryjy edarasy hökmünde çykyş edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022