Türkmen ilçisi: Türkmenistan Pakistana suwuklandyrylan gaz iberip biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ilçisi: Türkmenistan Pakistana suwuklandyrylan gaz iberip biler
Yslamabat şäheri, Päkistan

Türkmenistan Pakistana suwuklandyrylan gazy iberip, onuň energiýa talaplaryny üpjün etmekde ýardam edip biler. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň aýdanlaryna salgylanyp, sişenbe güni “The Express Tribune” gazeti habar berdi.

Bu barada Atajan Möwlamow Yslamabadyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Muhammad Şakil Munir bilen Türkmenistanyň ilçihanasynda geçiren duşuşygynyň barşynda belledi. Duşuşyga Yslamabadyň Söwda-senagat edarasynyň öňki baş wise-premýeri Muhammad Nawid Malik hem gatnaşdy.

Ilçiniň aýtmagyna görä, Türkmenistan Pakistan bilen söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ymtylýar. Iki ýurduň arasynda dürli harytlaryň söwdasyny giňeltmäge mümkinçilikleri bardyr.

A.Möwlamowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň ilçihanasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Yslamabadyň Söwda-senagat edarasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk boýunça mümkin bolan ugurlary maslahatlaşmak maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahaty gurnamaga taýyndyr.

Şeýle hem türkmen ilçisi Yslamabadyň Söwda-senagat edarasynyň agzalaryny Türkmenistanyň eksport harytlary we iki ýurduň arasynda söwda hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlary bilen tanyşdyrmak üçin maglumat bilen üpjün etjekdigini mälim etdi.

A.Möwlamow Yslamabadyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny pugtanalandyrmak boýunça pikir alyşdy.

Yslamabadyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Muhammad Şakil Munir türkmen diplomatynyň tekliplerine, şol sanda iki ýurduň söwda-senagat edaralarynyň arasynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirmek teklibine ýokary baha berdi.

“Bu çäreler Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda söwdany ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri öwrenmäge ýardam berer” diýip Muhammad Şakil Munir belledi.

Yslamabadyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Pakistanyň Merkezi Aziýa bazaryna gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurduň Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlygy Pakistan üçin Merkezi Aziýa bazarynda öz amallaryny giňeltmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Muhammad Şakil Munir türkmen diplomaty bilen iki ýurduň işewürlik toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça dürli teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow mart aýynda Pakistanyň Daşary işler ministi Şah Mahmud Kureşi bilen Yslamabadda duşuşyk geçirip, ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022