Hormatly Baştutanymyz anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk we nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçilerini belledi.
Annageldi Ýazmyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi. A.Ýazmyradow ozal dürli ýolbaşçy wezipelerde, şol sanda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň agrosenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, Oba hojalyk we suw hojalyk ministri hökmünde işledi.
Hormatly Baştutanymyzyň karary bilen, Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi. 2015-2016 ýyllar aralygynda ol “Türkmengaz” Döwlet konserniniň başlygy boldy.
Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.