Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görülýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görülýär
Duşuşyk şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçiriler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn duşuşygyna taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşyk şu ýylyň dowamynda Türkmenistanda geçiriler. Bu duşuşygyň geçirilmegi geçen ýylyň fewral aýynda Ankarada geçen Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň bäşinji üçtaraplaýyn duşuşygynyň barşynda maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, üç ýurduň baş diplomatlary geçiriljek üç ýurduň Prezidentleriniň sammitiniň ýol kartasyny ara alyp maslahatlaşdylar we ylalaşdylar.

Şeýle hem, Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy şu ýylyň dowamynda geçiriljek Türkmenistanda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji parlamentara forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

2022