Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň wise-premýerini kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň wise-premýerini kabul etdi
Özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. 

Myhman öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine baştutanlyk edip, Aşgabada iş sapary bilen geldi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki goňşy halkyň bähbitlerine kybap gelýän strategik hyzmatdaşlygyň berk binýadynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň gazanylan derejesini kanagatlanma bilen nygtady.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika toplumlary, oba hojalygy, ýeňil we gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk hem-de birnäçe beýleki ileri tutulýan ulgamlar bilen birlikde esasy ugurlar boýunça gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny bellediler. 

Şunuň bilen baglylykda, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda, Hazar deňzini özleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, söhbetdeşler gämi gurluşygy ulgamynda özara hereket etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary uzakmöhletleýin geljek nazara alnyp ýola goýulýan özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2022