Azerbaýjan bilen Özbegistan özara demirýol ýük daşamalaryny artdyrmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjan bilen Özbegistan özara demirýol ýük daşamalaryny artdyrmagy meýilleşdirýär
“Aziýa-Ýuwaş umman sebiti-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ugrunyň ösdürilmegi boýunça çäreleriň netijeliligi bellenildi.

Azerbaýjan we Özbegistan degişli ýurtlaryň çäginde demir ýol ýük daşamalarynyň möçberlerini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu meselä Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen duşuşygyň barşynda “Azerbaýjanyň demir ýollary” ÝPJ-niň hem-de “Uzbekiston temir yullari” AJ-niň ýolbaşçylary seretdiler. Bu barada “Azer.news” internet sahypasynda duşenbe güni habar berildi.

Taraplar Azerbaýjanyň we Özbegistanyň demirýol edaralarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşyp, “Aziýa-Ýuwaş umman sebiti-Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ugrunyň ösdürilmegi boýunça çäreleriň netijeliligini bellediler.

Bellenilişi ýaly, taraplar iki ýurduň demirýol infrastrukturalarynyň arasynda tehnologiýa hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine seretdiler hem-de demirýol ulaglaryň bejerilmegi we demirýol infrastrukturasynyň ösdürilmegi üçin tehniki ýardamy bermäge taýyndygyny mälim etdiler.

Mundan başga-da, halkara we multimodal ulag geçelgelere gatnaşyjy taraplar bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň wajyplygy nygtaldy.

Ýük daşamalaryň möçberini artdyrmak we ikitaraplaýyn meseleleri çözmek maksady bilen, iki ýurduň demirýol edaralarynyň başlyklarynyň ýolbaşçylyk etmeginde işçi topar döredildi. Şeýle hem, taraplar işçi toparyň indiki nobatdaky mejlisini aprel aýynyň ahyrynda Baku şäherinde geçirmegi ylalaşdylar.

2021-nji ýylda Azerbaýjan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşyk 111,9 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022