Fransiýanyň Prezidenti we Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowy gutladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Fransiýanyň Prezidenti we Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowy gutladylar
Fransiýanyň we Beýik Britaniýanyň Liderleri hormatly Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň we türkmen halkynyň bähbidine tutumly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň we Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Öz hatlarynda Fransiýanyň we Beýik Britaniýanyň liderleri Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ýeňşi we Türkmenistanyň Prezindenti wezipesine girişmegi bilen gutladylar.

Prezident Makron öz hatynda Fransiýa we Türkmenistan 1992-nji ýylyň 6-njy martynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri, özara gatnaşyklaryny has-da berkidengini belledi.

“Şu 30 ýylyň içinde Türkmenistan fransuz kompaniýalary bilen binagärlik we gurluşyk, kosmosdan Ýere gözegçilik, senagat tehnologiýalary ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýdy” diýip, Fransiýanyň Baştutany nygtady.

Şeýle-de, Fransiýanyň lideri iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şeýle hem daşky gurşawyň, saglygy goraýşyň, howpsuzlygyň ählumumy meselelerini bilelikde çözmek üçin ony täze ulgamlarda giňeltmäge taýýardygyna ynandyrdy. 

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson öz gutlagynda “Öňümizdäki ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigimize ynam bildirýärin” diýip nygtady.

Boris Jonsonyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň “ýaşyl” energiýa çeşmesine geçmegi ugrunda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri örän uludyr.

“Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekdäki bilelikdäki tagallalar özara söwda gatnaşyklarymyza itergi berjek täze ugurlary kesgitlemäge mümkinçilikleri açar” diýip, Britaniýanyň Hökümet Baştutany sözüniň üstüni doldurdy.

Fransiýanyň we Beýik Britaniýanyň Liderleri hormatly Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň we türkmen halkynyň bähbidine tutumly başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022