Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň agzasy boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Ýaşulular geňeşiniň agzasy boldy
Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Milli geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Ýaşulular geňeşine Türkmenistanyň ýaşulysy hökmünde goşuldy. Bu barada guramanyň beýanatynda anna güni habar berildi.

Beýanatda bellenilişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň guramanyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy bolmagy Türkmenistanyň türki dünýä bilen syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna täze itergi berer.

“Sekretariat Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaşulular geňeşine agza bolmagyna buýsanýar hem-de onuň parasatlylygy, tejribesi we bilimi Geňeşiň mümkinçiliklerini baýlaşdyrjakdygyna we guramanyň abraýyny mundan beýläk galdyrmakda wajyp orun eýelejekdigine ynanýar” diýip, TDG-niň beýanatynda bellenilýär.

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde geçen ýylyň noýabrynda goşuldy.

2022