Türkmenistanyň Prezidenti Hezreti Omar metjidinde sadaka berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Hezreti Omar metjidinde sadaka berdi
Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okap, berlen sadakanyň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde aýlaryň iň ýagşysy hasaplanýan mübärek Remezan aýynda paýtagtymyzdaky hajy Arkadagymyzyň tagallasy esasynda gurlan Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi.

Metjitde ýurt Baştutanymyz we onuň kakasy, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň müftüsi bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzyň hormatly ýaşulularynyň asyrlar aşyp gelýän nusgalyk ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ruhuna kybap derejede dowam etmelidigini, olaryň ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek meselelerine zerur üns bermelidiklerini belledi.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň mukaddes däplerine eýerip, atasy Mälikguly Berdimuhamet oglunyň belli gününiň sadakasyny berýändigini, bu senäniň mukaddes Remezan aýyna gabat gelendigini nygtady we hormatlap gelendikleri üçin sadaka gatnaşýanlaryň ählisine taňryýalkasyn aýtdy.

Soňra agzaçar wagtynyň gelmegi bilen, sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi. Nahardan soň, Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okap, berlen sadakanyň, edilen doga-dilegleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi.

2022