Prezident Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowy Tatarystana sapara çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezident Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowy Tatarystana sapara çagyrdy
Tatarystanyň paýtagty Kazan şäheri

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow ýekşenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Tatarystana sapar etmäge çagyrdy. Bu barada Tatarystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyk Tatarystanyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirildi. 

Habarda bellenilişi ýaly, Rustam Minnihanow Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklarynyň çäklerindäki tatar-türkmen hyzmatdaşlygy babatynda şahsy ünsi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa öz minnetdarlygyny bildirdi.

“Siziň ýurduňyzda ýaşaýan tatarlary goldaýandyklary we olaryň milli hem-de medeni zerurlyklaryna ünsli garaýandyklary üçin Türkmenistanyň hökümetine öz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Tatarystan hem türkmenleriň milli we medeni özbaşdaklygyna uly üns berýär” diýip, Rustam Minnihanow belledi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda häzirki zaman ýagdaýlary bilen baglylykda, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň kemala gelmeginde döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän parlament diplomatiýasynyň ösdürilmeginiň uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. 

Gurbanguly Berdimuhamedow geljek aýda Tatarystanda geçiriljek çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, bu çakylygyň ýokary hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtady.

Wolžsk Bulgarlary tatarlaryň ata-babalary bolup, olar 922-nji ýylda döwlet dini hökmünde yslamy kabul etdiler. Şu ýylyň tomsunda bolsa dabaraly ýagdaýda bu wakanyň 1100 ýyllygy bellenilýär.

2022