Türkmenistan UNESCAP-yň Bangkokda geçiriljek 78-nji sessiýasyna gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan UNESCAP-yň Bangkokda geçiriljek 78-nji sessiýasyna gatnaşar
Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi babatynda ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň sişenbe güni BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly ulgam arkaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda ministr 2022-nji ýylyň maý aýynda Bangkok şäherinde gibrid görnüşinde geçiriljek UNESCAP-yň 78-nji sessiýasyna Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşjakdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegi babatynda ygrarlylygy ýene-de bir gezek tassyklanyldy we türkmen tarapynyň UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça başlangyçlarynyň toplumy beýan edildi.

Duşuşykda Howpsuz, kadalaşdyrylan we kanuny migrasiýa hakyndaky Global şertnamanyň (MGŞ) nazarda tutulmagynda bilelikdäki hereketlere hem seredilip geçildi.

Ministr Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2022-nji ýylyň 17-22-nji maýy aralygynda Nýu-Ýorkda geçiriljek Migrasiýa meseleleri boýunça Global forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

R.Meredowyň nygtaýşy ýaly, türkmen tarapy bu çäräni üýtgäp duran häzirki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen migrasiýa boýunça global gün tertibiniň çözülmegi boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň nobatdaky mümkinçiligi hökmünde kabul edýär.

Mundan başga-da, taraplar pandemiýa bilen baglylykda ýüze çykan derwaýys meselelelere hem aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň pandemiýanyň emele getiren ykdysady, durmuş we maliýe netijelerini ýeňip geçmek babatynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygy beýan edildi.

2022