Türkmen jorap öndürijisi 150 görnüşden gowrak önüm öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen jorap öndürijisi 150 görnüşden gowrak önüm öndürdi
Bu ýerde ýylyň dowamynda 20 million jübüt jorap öndürilýär.

“Batly gadam” hususy kärhanasy şu ýylyň ilkinji dört aýynda “Daz” haryt nyşanly joraplaryň 150-den gowrak täze görnüşini öndürdi.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň öňdebaryjy tehnikalary bilen üpjün edilen kärhananyň jorap önümçiligi bölüminde ýylyň dowamynda 20 million jübüt jorap öndürilýär. Önümler Gazagystana, Azerbaýjana, Russiýa eksport edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, pagtadan öndürilýän ýokary hilli ýüplükler we jorap önümleri dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär.

Balkan welaýatynda ýerleşýän “Batly gadam” kärhanasy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegi we içerki sarp edijilerden artan möçberini daşarky bazara eksport mümkinçiligini artdyrmagy maksat edinýär.

2022