Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Oraza baýramy bellenilýär
Oraza baýramy musulman senenamasy boýunça Şawwal aýynyň ilkinji gününde bellenilýär.

Türkmenistanda mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy mynasybetli, duşenbe güni Oraza baýramy bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkymyzy bu mukaddes baýramy bilen gutlady. “Oraza baýramy agzybirligimizi hem-de jebisligimizi pugtalandyrýan baýram hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar” diýip, Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edilen gutlagynda bellenildi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Aşgabat şäherinde, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň merkezlerinde, etrapdyr şäherçelerimizde, döwrebap obalarymyzda Oraza baýramy aýdym-sazly dabaralar bilen giňden bellenilýär. Her bir maşgalada ýagşy arzuwlar edilýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belentligini hem-de öçmejek şan-şöhratyny dabaralandyrýan bu wakalar eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan halkymyzyň agzybirligini has-da pugtalandyrýar, nesillerde ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýeleýär, üstünliklere, rowaçlyklara ruhlandyrýar” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

“Goý, mübärek Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berlen agzaçar sadakalary, okalan aýat-töwirler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň, bütin adamzadyň bagtyýar hem parahat durmuşynyň hatyrasyna edilen dilegler, arzuw-umytlar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Oraza baýramy mynsybetli Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Müsüriň, BAE-niň, Palestinanyň Baştutanlary, şeýle hem Bahreýniň we Iordaniýanyň Korollary  Türkmenisatnyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlaryny ugratdylar.

Oraza baýramy musulman senenamasy boýunça Şawwal aýynyň ilkinji gününde bellenilýär.

2022