“Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti gurluşykda ulanylýan bazalt daşynyň süýümini eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Bellenilişi ýaly, önüm bazalt daşyny ýokary gyzgynlykdaky peçlerde eretmek, gaýtadan işlemek arkaly alynýar. Bazalt daşynyň süýümi ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynda olaryň diwarlarynyň, üçekleriniň daşyny örtmek üçin ulanylýar. Ol sesi, sowugy, yssyny geçirmeýär. Önümiň ýokary hilliligi, bahasynyň elýeterliligi, amatlylygy onuň alyjylaryň arasynda ösen islege eýe bolmagyna getirýär.
Kärhanada Russiýanyň kämil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bu ýerde aýda 15 müň inedördül metr önüm öndürmäge mümkinçilik berýär. Bazalt daşynyň süýümi rulon görnüşinde öndürilip, onuň ini 1 metre, uzynlygy 5 metre deňdir. Önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylýar. Kärhanada 15-20 adam zähmet çekýär.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän “Döwlet gurluşyk” hojalyk jemgyýeti 2017-nji ýyldan bäri bazalt daşynyň süýüminiň önümçiligi bilen meşgullanyp gelýär.