“Kuwwatly” haryt nyşanly buglanan sygyr etiniň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kuwwatly” haryt nyşanly buglanan sygyr etiniň önümçiligi ýola goýuldy
Täze önüm 425 gramlyk bankalarda satylýar.

Telekeçi Nazar Durdyýewe degişli Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda ýerleşýän şöhlat önümleri kärhanasynda “Kuwwatly” haryt nyşanly ýokary hilli buglanan sygyr eti öndürilip başlandy.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar bermegine görä, täze önüm 425 gramlyk bankalarda satylýar.

Ýewropanyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanada ýokary hilli buglanan sygyr etiniň günde 100 kilogramy öndürilýär. Bu önüm ýakynda ýurdumyzyň söwda merkezlerinde müşderilere hödürlenip başlandy.

Telekeçi Nazar Durdyýewiň ýolbaşçylyk edýän kärhanasynda şöhlat önümleriniň gaýnadylan, ýarym kakadylan, büzmeçe ýaly görnüşleri hem öndürilýär.

2022