Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady ugrunda Türkiýäniň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biridigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyny we Işewürlik geňeşini netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň guraly hökmünde ulanmagyň zerurdygy nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle-de Döwlet Baştutanlary mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Mundan başga-da, taraplar şu ýyl Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, geçen döwürde ýurtlaryň arasynda netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýola goýulandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygy nygtaldy.
Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ýaly ugurlardaky işjeň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň däp bolan dostlukly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge we ähli tagallalary hem-de başlangyçlaryny özara goldamaga hemişe taýýardygy tassyklanyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işlerinde üstünlik, iki ýurduň doganlyk halklaryna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik arzuw etdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.