Türkmenistan bilen ÝB gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen ÝB gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşigi bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ýurdumyzyň ählumumy gyzyklanmalaryň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi we bu saparyň Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle-de taraplar gatnaşyklaryň täze, netijeli gurallaryny hem-de ugurlaryny gözlemäge, şeýle-de ony syýasy, ykdysady, ynsanperwer we ekologik ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, soňky ýyllarda onuň okgunly, netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de Türkmenistanda 2019-njy ýylda Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň resmi taýdan açylmagy bilen, özara gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini nygtady.

Şeýle-de ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala öz saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Teri Hakalanyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşygy geçirildi. Onda taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, onuň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna düýpli ýardam berýän parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny ýene bir gezek bellediler.

2022