Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak üçin penşenbe güni Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ilki bilen, gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumynda ýerine ýetirilýän işler we gurluşygyň hil derejesi bilen tanyşdy.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazar deňziniň kenarynda bina edilen kottejler toplumyna häzirki döwre kybap gelýän at dakmak başlangyjyny öňe sürdi we ýurdumyzyň telekeçileriniň bu baradaky teklipleri bilen gyzyklandy. Bu topluma “Rowaç” diýip at dakmak baradaky teklip makullanyldy.
Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda açylan köpugurly hassahana baryp gördi. Gahryman Arkadagymyz bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, bu ýerde ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlary we onuň netijeleri bilen gyzyklandy.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 29-njy aprelde geçirilen mejlisinde tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigini nazara alyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi.