Awazadaky tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Awazadaky tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görler
Hazar deňziniň gündogaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Türkmenbaşy şäherinden 12 kilometr daşlykda ýerleşýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tomus möwsüminiň ýakynlaşyp gelýändigi bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýewe “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramak üçin mümkinçilikleri öwrenmegi tabşyrdy.

Bu baradaky tabşyryklar Ministrler Kabinetiniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda berildi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geçirilen işler barada Hökümetiň indiki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hazar deňziniň gündogaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Türkmenbaşy şäherinden 12 kilometr daşlykda ýerleşýär. Bu syýahatçylyk zolagynyň ilkinji desgalary 2009-njy ýylyň iýunda açyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022