Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çärelerine gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çärelerine gatnaşdy
Çäreler Eýranyň syýahatçylyk we medeni merkezi Mazenderan welaýatynyň Sari şäherinde geçirildi.

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Ahmet Gurbanow 2022-nji ýylyň 10-12-nji maýynda ýurduň Sari şäheriniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) Syýahatçylyk merkezi hökmünde yglan edilmegi çäresine we EKO-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň (CPR) 264-nji duşuşygyna gatnaşdy.

Çäreler Eýranyň syýahatçylyk we medeni merkezi Mazenderan welaýatynyň Sari şäherinde geçirildi. Bu barada ilçihana “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren beýanatynda mälim etdi. 

Açylyş dabara Mazenderan welaýatynyň häkimi jenap Seýed Mahmud Hoseýnipur, Eýranyň Medeni-miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatolla Zargami, welaýatyň ýokary wezipeli wekilleri, Pakistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň diplomatlary gatnaşdylar. 

Eýranyň “Tehran Times” gazetiniň habar bermegine görä, Ezatolla Zargami EKO agza ýurtlaryň arasynda syýahatçylygy ösdürmegiň bir ýoly, raýatlara elýeterli etmekden we höweslendirmekden ybaratdyr diýdi.

Mazenderanyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri halkara maýadarlary çekmek bolup durýar diýip, welaýatyň häkimi Hoseýnipur öz çykyşynda belledi.

Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, türkmen ilçisi Mazenderanyň häkimi bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Mundan başga-da, Demirgazyk-Günorta üstaşyr geçelgesiniň çatrygynda ýerleşýän we Eýranyň Hazar kenaryndaky esasy portlaryň biri bolan Amirabad portunyň işini ýerinde öwrenmek üçin ol ýere tanyşlyk sapary guraldy.

2022