Aşgabatda anna güni Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň “Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny” atly dialogy geçirildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu dialoga sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa umumy mejlisi açdy. Oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, G.Mämmedowa dialogyň pikir we tejribe, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, jemgyýetiň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşyna gatnaşmagynyň derejesini ýokarlandyrmak işinde iň oňat dünýä tejribesini alyşmak üçin netijeli çärä öwrülýändigini belledi.
“Biziň zenanlarymyz yhlasly işleri hem-de täze pikirleri bilen howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleri, daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy ýaly ählumumy wehimlere garşy göreşmekde hem-de durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüş, saglygy goraýyş we bilim baradaky möhüm meseleleriň çözülmegine goşant goşýarlar” diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy aýtdy.
Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň Parlamentleriniň wekilleri parahatçylyk we durnukly ösüş, medeniýeti goramak, telekeçiligi ösdürmek we daşky gurşaw meselelerini çözmek üçin halkara gepleşikleri alyp barmakda zenanlaryň orny barada gürrüň berdiler.
Forumyň netijeleri boýunça Jarnama kabul edildi. Jarnama özünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmekde ýardam bermäge zenanlaryň dialogynyň taýýardygy bellenilýär.
2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir.