Raşid Meredow ABŞ-nyň Daşary işler gullugynyň baş müdiri bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow ABŞ-nyň Daşary işler gullugynyň baş müdiri bilen duşuşdy
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýekşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Daşary işler gullugynyň baş müdiri Kerol Peros hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň baş orunbasary Din Tompson bilen duşuşuk geçirdi. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow hem gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyna garadylar, şeýle hem halkara we sebitara gyzyklanma bildirilýän meselelere ünsi çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatynda özara ygrarlylyk tassyklanyldy.

Taraplar howanyň üýtgemegi meselesine-de üns berdiler. Bu ugurda netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşik gurmagyň ähmiýeti bellenildi.

Diplomatlar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler. Bu nukdaýnazardan, Türkmen-amerikan işewür geňeşiniň netijeli işi bellenildi.

2022