Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bejergi alýan çagalar üçin 400 müň ABŞ dollary möçberinde pul serişdesi bölünip berler. Bu barada Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni merkeze amala aşyran saparynyň dowamynda mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow häzirki döwürde ýurdumyzda ýürek operasiýasyna mätäç çagalaryň 220-siniň bardygyny aýtdy. Bu çagalary bejermek üçin iň täze we netijeli “AORTIС” serişdeleri ulanylýar.
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy 2021-nji ýylyň mart aýynda döredildi.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi 2015-nji ýylda açyldy. Ýedi gatdan ybarat bolan bu merkez 670 orunlyk bolup, onda bölümleriň 28-si bar.