Türkmenistan halkara ýük ulaglaryna Eýrandan Özbegistana üstaşyr geçmäge rugsat berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan halkara ýük ulaglaryna Eýrandan Özbegistana üstaşyr geçmäge rugsat berer
Daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň Sarahs-Farap-Sarahs ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmekleri ýola goýular.

Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap Eýran serhedinden geçen halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Özbegistana çenli geçmäge rugsat berer.

Bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň Sarahs-Farap-Sarahs ugurlary boýunça ýurdumyzyň çäginden üstaşyr geçmekleri ýola goýular. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi anna güni habar berdi.

Bu karar “Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini doly kuwwatlylygyna ulanmak, halkara gatnawlarynda ýük dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen” kabul edildi.

Sanitariýa çärelerine laýyklykda, häzirki wagtda Eýranyň serhedinden gelen ýük ulaglary Türkmenistanyň çägingäki serhet geçelgesine çenli geçip bilýärler. Soňra olaryň ýükli tirkegleri türkmen ýük ulaglaryna birikdirilip, Türkmenistanyň çäginde eltmeli ýere ýa-da üçünji ýurduň serhedine çenli ugradylýar. 

2022