“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Maksat Pirliýew we Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farruh Şarifzoda geçen anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikleri geçirdiler.
Taraplar nebit we nebit önümlerini gaýtadan işleýän bilelikdäki kärhanany döretmek, şol sanda ol önümleri Täjigistana ibermek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Täjigistanyň DIM-niň metbugat gullugy duşenbe güni habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady meseleler barada hem pikir alyşdylar.
2016-nji ýylyň ýanwar aýynda döredilen “Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” gözleg we buraw işlerini geçirýär, nebit-gaz çykarýar, şeýle hem nebit-gaz pudagynda halkara taslamalary durmuşa geçirýär.
“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ÝGPJ-siniň paýdarlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bardyr.