ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Aşgabat güni mynasybetli surat kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Aşgabat güni mynasybetli surat kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi
Bu surat kitabynyň çap edilmeginiň esasy maksady şäheriň gymmatlyklaryny we taryhyny görkezmekden ybarat boldy.

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky ilçihanasy çarşenbe güni Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Aşgabat. Taryhyň bir döwri” atly çap eden surat kitabynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan metbugat ýygnagyny geçirdi.

“Bu kitap 2021-nji ýylda bellenilen şäheriň 140 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ÝB-niň wekilhanasy tarapyndan edilen sowgatdyr. ÝB-niň wekilhanasy türkmen medeniýetini gorap saklamak we şekillendirmek boýunça ýurduň alyp barýan işlerini goldamak üçin tagallalaryny giňeltmek isleýär” diýip, ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso aýtdy.

Bu surat kitabynyň çap edilmeginiň esasy maksady şäheriň gymmatlyklaryny we taryhyny görkezmekden ybarat boldy.

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar

ÝB-niň ilçisiniň belleýşi ýaly, geljek ýyl Türkmenistan bilen ÝB 1993-nji ýylda  ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyny bellär. 

Bu şanly sene mynasybetli ÝB “Türkmenistan: Durmuşyň aýnasy” atly fotosurat bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň çäklerinde türkmen medeniýetini, taryhyny, sungatyny, gündelik durmuşyny we däp-dessurlaryny şekillendirýän fotosuratlar bolup, olary ugratmagyň soňky möhleti 2023-nji ýylyň 31-nji ýanwar aýydyr.

2022-nji ýylyň II ýarymýyllygy boýunça ÝB-niň Türkmenistandaky meýilnamasy

Ilçi Diego Ruiz Alonso metbugat ýygnagynyň dowamynda 2022-nji ýylyň ikinji ýarymýyllygy boýunça ÝB-niň Tükmenistandaky meýilnamasy bilen tanyşdyrdy. Bu meýilnama laýyklykda şu aşakdakylaryň geçirilmegi meýilleşdiriýär:

  • iýun: gysga film festiwalynyň yglan edilmegi;
  • iýul: galyndylary dolandyrmak baradaky maglumat kampaniýasynyň başlanmagy;
  • awgust: ýerli habarçylar üçin galp maglumatlaryň öňüni almak boýunça türgenleşik okuwy;
  • sentýabr: tebigaty gorap saklamak boýunça arassaçylyk çäreleri;
  • oktýabr: Bilelikdäki komitet, Adam hukuklary gepleşikleri, energiýa konferensiýasy, bilim konferensiýasy, ÝB-niň medeniýet hepdeligi;
  • noýabr: köpçüligiň gatnaşmagynda daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy arassaçylyk çäreleri;
  • dekabr: “Näme? Nirede? Haçan?” atly akyl bäsleşigi, Adam hukuklary we demokratiýa güni, raýat jemgyýeti üçin çäre.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy boýunça ÝB-niň ýardam bermäge taýýardygy bellenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022