Russiýaly telekeçi Türkmenistandan tüýjümek önümlerini satyn aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýaly telekeçi Türkmenistandan tüýjümek önümlerini satyn aldy
Söwdalaryň dowamynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen önümleriň bir kilogramynyň bahasy 5,50 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) penşenbe güni geçiren söwdalarynda Russiýaly telekeçi tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümleriniň 66 müň kilogramdan gowragyny satyn aldy.

Söwdalaryň dowamynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanasynda öndürilen önümleriň bir kilogramynyň bahasy 5,50 ABŞ dollaryna barabar boldy. Geleşigiň umumy bahasy 364,3 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB anna güni mälim etdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 13,5 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistanda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaradyr.

2022