Aşgabat şertnamasynyň gatnaşyjylary üstaşyr ýük daşamalaryny maslahatlaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat şertnamasynyň gatnaşyjylary üstaşyr ýük daşamalaryny maslahatlaşarlar
Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda dört sany serhet geçelgesi bardyr. (Surat: IRNA)

Eýranyň Ütaşyr we halkara ulag býurosynyň Baş müdiri Jawad Hedaýati  ýakyn wagtda “Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman” halkara ulag we aragatnaşyk geçelgesini döretmek baradaky Aşgabat şertnamasynyň agza döwletleriniň gatnaşmagynda forumyň geçiriljekdigini mälim etdi.

Bu ýurtlar TIR Konwensiýasynyň agzalarydyr diýip, Hedaýati eýranly we omanly ýük awtoulaglarynyň bu ýurtlaryň çäginden geçmeginiň mümkindigini aýtdy hem-de bu meseleleriň geljek ýygnakda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi. Bu barada Eýranyň habarlar agentligi ILNA geçen anna güni habar berdi.

Jawad Hedaýati Eýranyň wekiliýetiniň Omana amala aşyran soňky saparynyň dowamynda ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýdyp, Omanyň Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesine agza döwletdigini göz öňünde tutup, şol şertnamalaryň käbiriniň Eýranyň üsti bilen Omany GDA döwletleri we Russiýa bilen baglanyşdyrmak üçin geçelgäni işjeňleşdirmek üçin niýetlenendigini aýtdy.

Baş müdir bu ylalaşyklaryň hemmesiniň ýakynda Türkmenistanyň 1-nji iýundan ýük awtoulaglarynyň serhetlerinden geçmegine rugsat berjekdigini yglan eden wagtynda gazanylandygyny aýtdy.

Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda dört sany serhet geçelgesi, ýagny “Sarahs-Sarahs”, “Artyk-Lýutfabad”, “Howdan-Bajgyran” we “Akýaýla-Inçeburun” serhetýaka geçelgeleri bardyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022