Türkmenbaşy jins toplumynda jins önümleriniň aýda 500 müňe çenlisi çykarylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenbaşy jins toplumynda jins önümleriniň aýda 500 müňe çenlisi çykarylýar
Toplum “Bedew” haryt nyşanly dürli görnüşdäki jins önümleriniň täze kolleksiýasyny hem çykardy.

“Gap-Türkmen” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenbaşy jins toplumy aýda 350 müňden 500 müňe çenli jins önümlerini öndürýär. 

Jins toplumy egriji, reňkleýji-dokma we tikinçilik sehlerinden ybaratdyr. Toplumda öndürilýän jins matalar we taýýar önümler dünýä bazaryndaky önümler bilen bäsleşýär.

Toplumyň hünärmeni Orazbagt Şukurowanyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine duşenbe güni beren beýanatyna görä, toplumda ýaňy-ýakynda düzümi 5% elastan we 95% pagtadan emele gelen täze mata işlenilip düzüldi.

Mundan başga-da, “Bedew” haryt nyşanly dürli görnüşdäki jins önümleriniň täze kolleksiýasy çykaryldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen “Çalyk” Holding toparynyň “Gap Güneýdogu” firmasynyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, 1993-nji ýylda Türkmenbaşy jins toplumynyň düýbi tutuldy. Häzirki wagtda kärhanada üç müňden gowrak hünärmen zähmet çekýär. Toplumyň önümleri Beýik Britaniýa, Ukraina, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri we Russiýa, ABŞ, Polşa we Çehiýa ýaly döwletlere yzygiderli eksport edilýär.

2022