2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda işläp başlan “Biznes Türkmenistan” (BT) internet neşiri üç ýaşady.
Aşgabatda ýerleşýän “Biznes Türkmenistan” internet neşiriniň habarlary okyjylara türkmen, iňlis, rus we türk dillerinde ýetirilýär. Internet neşiriniň mobil goşundysy “Google Play” we “App Store” platformalarynda elýeterlidir.
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda dünýäniň iň öňdebaryjy 1000 saýtynyň arasyna giren ilkinji türkmen websaýty boldy. Bu görkeziji ABŞ-nyň “Amazon.com, Inc.” kompaniýasyna degişli bolan we dünýäniň ähli ýurtlaryndaky saýtlaryň ýerli we halkara reýtingini düzýän “Alexa” saýtynda görkezildi.
“Biznes Türkmenistan” biznes maglumatlaryny, habarlary we seljermeleri yzygiderli okyjylara ýetirip, ýerli we halkara biznesleri hem-de sarp edijileri dürli ugurlardaky habarlar, maglumatlar we ideýalar boýunça işjeň aragatnaşyga birikdirýär.
Şeýle hem, BT neşiri Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaryna çykarylýan harytlaryň kotirowkalaryny, Türkmenistanda hereket edýän kompaniýalarda döreýän boş iş orunlaryny, hususy kompaniýalar we döwlet edaralary tarapyndan yglan edilýän tenderleri ulanyjylara ýetirip durýar.
Türkmenistanyň we dünýä ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň, şeýle-de halkara guramalaryň resmi web sahypalary BT neşirine yzygiderli salgylanýarlar. ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Halkara söwda administrasiýasy Türkmenistan boýunça täjirçilik iş gollanmasynda “Biznes Türkmenistan” web sahypasyny täzelikleriň we maglumatlaryň ygtybarly çeşmesi hökmünde görkezýär. Russiýanyň Senagat we söwda ministrligi BT neşirinde çap edilýän halkara tenderlere yzygiderli salgylanýar.
Ýerli habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda, “The New York Times” gazeti, “Reuters”, “Anadolu” we “Trend” agentlikleri ýaly daşary ýurt habar beriş serişdeleri hem “Biznes Türkmenistan” tarapyndan neşir edilýän maglumatlardan peýdalanýarlar.
“Biznes Türkmenistan” internet neşiri öz-özüni maliýeleşdirýän, şol sanda mahabatlardan alnan girdejileriň hasabyna iş alyp barýan neşirdir. Neşiriň redaksiýasyna “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk işlerini, şol sanda habarlary işläp taýýarlamak we ýerleşdirmek bilen bagly işleri alyp barmak üçin Ygtyýarnama berildi.