TDHÇMB-da maý aýynda suwuklandyrylan gaz köp satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
TDHÇMB-da maý aýynda suwuklandyrylan gaz köp satyldy
Maý aýynda daşary söwda geleşikleriniň 162-si baglaşyldy.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň umumy bahasy 195 million 200 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Maý aýynda daşary söwda geleşikleriniň 162-si baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB mälim etdi.

Geçen aý suwuklandyrylan gaz iň uly islege eýe boldy. Daşary ýurtly telekeçiler TDHÇMB-da jemi 13 million 600 müň ABŞ dollarlyk suwuklandyrylan tebigy gazyň 28 müň tonnasyny satyn aldylar. Harydyň bir tonnasynyň ortaça bahasy 487,45 ABŞ dollaryna deň boldy.

Suwuklandyrylan tebigy gaza dellallar 520,80 ABŞ dollary teklip edeninde, haryt iň gymmat bahasyna ýetdi. Alyjylar 20-nji maýda türkmen suwuklandyrylan tebigy gazy üçin 465 ABŞ dollaryny tölemäge taýyn bolanlarynda, önüm iň arzan bahasyna ýetdi.

Maý aýynda iň köp satylan ikinji haryt dizel ýangyjy boldy. Iň ýokary derejesinde onuň bir tonnasynyň bahasy 1 müň 120,25 ABŞ dollaryna deň boldy. Daşary ýurtly telekeçiler bu önümiň 20 müň tonnasyny satyn aldylar. Onuň umumy bahasy 21 million 400 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem, maý aýynda söwdalarda L-0,2-62 görnüşli dizel ýangyjy (bir tonnasy üçin $995,50), TS-1 (bir tonnasy üçin $1 müň 170,75) we Jet A-1 (bir tonnasy üçin $1 müň 033,25) görnüşli awiakerosin, polietileniň T60-475-119 (bir tonnasy üçin $885) we T50-500 (bir tonnasy üçin $880) görnüşleri, A-92 (bir tonnasy üçin $1 müň 024,25) görnüşli benzin eksporta satyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022