FAO: maý aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýene-de peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
FAO: maý aýynda dünýäde azyk önümleriniň bahalary ýene-de peseldi
FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 157,4 bala ýetdi.

Maý aýynda azyk önümleriniň global bahalary ikinji aý yzygiderli birneme peseldi, ýöne bugdaýyň we etiň bahalary ýokary bolmagynda galýar. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) geçen anna güni habar berdi.

Esasy satyn alynýan azyk önümleriniň dünýä bahalarynyň aýlyk üýtgeşmelerini hasaba alýan FAO-nyň azyk önüm baha indeksi geçen aýda ortaça 157,4 bala ýetdi. Indeks aprel aýy bilen deňeşdirilende 0,6% peseldi. Emma muňa garamazdan, indeks mart aýyndaky (159,7 bal) iň ýokary rekord derejesine ýakyn bolmagynda galýar.

Geçen aýda bahalaryň pese gaçmagyna garamazdan, maý aýynyň indeksi geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende 22,8% ýokarydyr.

Geçen aýda FAO-nyň süýt, şeker, ösümlik ýaglarynyň bahalarynyň ählisiniň indeksi peseldi. Şeýle-de bolsa, etiň bahasy iň ýokary derejä ýetdi we galla görkezijisi 2,2%, bugdaýyňky bolsa 5,6% ýokarlandy.

FAO-nyň bellemegine görä, bugdaýyň bahalarynyň ýokarlanmagyna Hindistanyň bugdaýyň eksportyny gadagan etmegi we Ukrainadaky önümçilik çaklamalarynyň peselmegi sebäp boldy.

FAO 2022-nji ýylda dünýädäki galla önümçiligi boýunça täze çaklamasyny hem paýlaşdy. Çaklama görä, FAO soňky dört ýylyň dowamynda ilkinji gezek global galla önümçiliginiň 2022/23-nji möwsüminde düşmegine garaşýar. FAO galla önümçiliginiň 2021-nji ýyldakydan 16 million tonna peselip, 2 milliard 784 million tonna ýetmegine garaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022