Iýun I hepde: eksport geleşikleri $83 milliondan gowrak boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iýun I hepde: eksport geleşikleri $83 milliondan gowrak boldy
Daşary ýurt puluna nah ýüplügi we tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri satyn alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 83 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Türkiýäniň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen suwuklandyrylan gaz BAE-niň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da daşary ýurt puluna Hindistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň işewürleri nah ýüplügi we tüýjümek önümleri­ň dürli görnüşlerini satyn aldylar.

Hindistanyň, Türkiýäniň we Gazagystanyň telekeçileri jemi bahasy 15 million manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar. Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 95 million 880 müň manatlykdan gowrak pagta übtügini we ulýugyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

2022