“Saýa” haryt nyşanly perdeleriň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Saýa” haryt nyşanly perdeleriň önümçiligi ýola goýuldy
Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhanada häzirki wagtda perdeleriň 500-e golaý görnüşi öndürilýär.

Telekeçi Şöhrat Meretdurdyýew 2022-nji ýylyň başynda “Saýa” haryt nyşanly perdeleriň önümçiligine başlady.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, telekeçi Meretdurdyýewe degişli kärhanada häzirki wagtda tutularyň, žalýuzlaryň, zebra perdeleriň, rollaryň, rim perdeleriň, multi ştorlaryň, agaç žalýuzlaryň köp görnüşi öndürilýär. Önümleriň arasynda Gün şöhlesini geçirmeýän ekoperdeler hem bar.

Önümler müşderileriň islegine görä, islendik ölçegde we materialda ýerine ýetirilýär. “Saýa” haryt nyşanly perdeler bahasynyň elýeterliligi, Gün şöhlesine çydamlylygy, durnuklylygy, ýokary hilliligi we bezegi bilen aýratyn tapawutlanýarlar.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhanada häzirki wagtda perdeleriň 500-e golaý görnüşi öndürilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022