Halkara ýük ulaglaryna Türkmenistandan üstaşyr geçmekleri üçin bildirilýän talaplar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkara ýük ulaglaryna Türkmenistandan üstaşyr geçmekleri üçin bildirilýän talaplar
Ýolda sürüjilere awtoulaglaryny saklamaga we ondan çykmaga gadagan edilýär.

Türkmenistan şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Eýran-Özbegistan we Özbegistan-Eýran ugurlary boýunça öz çäginden üstaşyr geçmäge rugsat berdi.

Halkara ýük ulaglarynyň hereketi boýunça bellenen ugur türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat geçelgesi we türkmen-eýran serhedindäki Sarahs-Sarahs geçelgesi aralygyndadyr.

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň şenbe güni ýaýradan maglumatyna laýyklykda, daşary ýurtlaryň ulaglary Türkmenistanyň çäginden ýükleri üstaşyr geçirmek üçin şu aşakdaky bildirilýän şertleri we talaplary berjaý etmeli:

Harytlaryň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilmegi üçin sürüjiler serhetde COVID-19 PCR synagynyň netijelerini (döwlet serhedinden geçmezden azyndan 72 sagat öň) ýa-da koronawirusa garşy sanjym şahadatnamasyny (iň soňky sanjym edilen gününden 42 gün geçmeli däl) görkezmelidirler, şeýle hem barlag nokadynda COVID-19 ýokanjyna garşy synag geçmelidirler;

  • Daşary ýurt ulaglarynyň sürüjileri üstaşyr gatnawyny ýerine ýetirmek boýunça ýörite sanitariýa çärelerini geçirmek üçin ähli zerur resminamalary tabşyrmalydyrlar;
  • Üstaşyr ýükler ulag kerweninde Türkmenistanyň çäginden geçer. Bu ulag kerweni Özbegistanyň we Eýranyň çäginde türkmen serhedinden 1 km uzaklykda irden sagat 8:00-da  düzülip başlar;
  • Polisiýa ýol gözegçilik gullugy ulag kerwenini alyp barar. Ýolda sürüjilere awtoulaglaryny saklamaga we ondan çykmaga gadagan edilýär;
  • Türkmenistanyň çäginden geçýän ulag kerweni üçin awtoulaglara ýangyç guýmak, hyzmat etmek we sürüjilere dynç almak maksatly ýörite bellenen ýerler gurnalar;
  • Ýolda näsazlyk ýa-da başga kynçylyklar ýüze çykan halatynda awtoulag ulag kerweninden çykarylýar. Bu ýagdaýda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri “Türkmenawtoulaglary” agentligi bilen bilelikde sürüjä gerekli kömek bererler.

Türkmenistan geçen aý Eýran serhedinden geçen halkara ýük ulaglaryna sürüjileri bilen bilelikde Özbegistana çenli geçmäge rugsat berdi.

2022