Türkmenistan we Russiýa uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlygy ilerlederler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Russiýa uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlygy ilerlederler
Wladimir Putin türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm pudaklarynyň biriniň energetikadygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň anna güni Moskwada geçirilen gepleşikleriniň jemleri boýunça gol çekilen bilelikdäki Jarnama laýyklykda, Türkmenistan we Russiýa energiýa pudagynda, şol sanda nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar.

Resminama görä, taraplar energetika babatda hyzmatdaşlygyň oňyn depginini, hususan-da, iki ýurduň nebitgaz kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygynyň derejesiniň ýokarlanýandygyny bellediler we olaryň arasynda geologiýa-gözleg işleri hem-de nebitgaz ýataklaryny işläp geçmek, nebitgaz pudagynda tejribe alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça bilelikde tagallalary ederler.

Şeýle hem, taraplar goşmaça energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak üçin taslamalar boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmaga, Türkmenistanda täze elektrik öndüriji desgalary gurmaga we bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.

Gepleşikleriň jemleri boýunça geçirilen metbugat beýanatynyň dowamynda Wladimir Putin döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm pudaklarynyň biri energetikadyr diýip, bu meselä şu gün aýratyn üns berlendigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Russiýanyň Prezidenti iki tarapyň hem degişli guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we özara bähbitli başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen işewür toparlaryň başlangyçlaryny goldamaga gyzyklanma bildirendigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Şunuň bilen baglylykda, Prezident Wladimir Putin “Gazpromyň” Russiýa tarapyndan Türkmenistandan gazyň satyn alynmagynyň mümkinçiligini göz öňünde tutýan uzak möhletleýin Şertnamanyň çäklerinde Türkmenistandan gazy eksport etmegi guramak boýunça “Türkmengaz” döwlet konserni bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ýatlady.

Russiýanyň Przidenti “Lukoýlyň” Hazar deňzindäki “Dostluk” nebit- gaz kondensatly känini özleşdirmegiň taslamasyna operator hökmünde gatnaşmagyň şertleri barada gepleşikleri alyp barýandygyny aýtdy. Şeýle-de nebit guýularyny abatlamak we olara hyzmat etmek bilen meşgullanýan “Tatneftiň” Türkmenistanda ozaldan bäri üstünlikli işleýändigi bellenildi.

“Russiýanyň beýleki iri energetika we senagat ugurly kompaniýalary hem Türkmenistanda taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler” diýip, Prezident Putin aýtdy.

Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa sapary şu ýylyň 15-nji martynda Prezident wezipesine başlany bäri ilkinji resmi saparydyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022