Türkmenistan bilen Russiýa strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Russiýa strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar
Türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça 15 resminama gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin anna güni Moskwada geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler.

Jarnamada syýasy, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ugurlarda, we howpsuzlyk ulgamynda geljek üçin bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa resmi saparynyň çäklerinde Jarnamadan daşary türkmen-rus hyzmatdaşlygy boýunça 14 resminama gol çekildi.

Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynyň dowamynda Prezident Wladimir Putin gepleşikleriň örän mazmunly, işjeň, dostlukly ýagdaýda geçip, döwletara gatnaşyklaryň hakyky hyzmatdaşlyk we özara bähbitlilik häsiýetini ýüze çykarandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Putin Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy — “Dostluk” ordeni bilen sylaglady. Bu ýokary sylaga döwlet Baştutanymyz iki ýurduň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşan uly goşandy üçin mynasyp boldy.

Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa sapary şu ýylyň 15-nji martynda Prezident wezipesine başlany bäri ilkinji resmi saparydyr.

2022