Iýun II hepde: eksport geleşikleri $135 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Iýun II hepde: eksport geleşikleri $135 milliona golaýlady
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 134 million 755 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplük hem-de jins mata satyn aldylar.

Manat serişdelerine BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 973 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

2022